Şanhaýyň hökümeti kowid sebäpli ýene 2,7 mln adamy karantine ugradar

  • 11.06.2022 15:25
  • 13k+

Şanhaýyň hökümeti Şanhaýyň günorta-günbatarynda ýerleşen Minhan etrabynyň 2,7 mln ýaşaýjysyny karantine ugradar. Olaryň hemmesi şu gün COVID-19-a test tabşyrarlar diýip, anna güni The Guardiana salgylanyp, Interfaks ýazýar.

"Şanhaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, 2,7 mln ilaty bolan Minhan etrabyny şenbe güni "ýapyk dolandyrmak" düzgünine geçirerler, ähli ýaşaýjylaryna bolsa test tabşyrdarlar" - diýip, neşir ýerli häkimiýetiň wekilleriniň sözlerini getirýär. 

Olaryň sözlerine görä, karantin alnan nusgalaryň ählisi öwrenilenden soň tamamlanar. Şol sebäpli karantiniň hiç hili takyk  möhleti agzalmandyr. 
Şeýle hem, etrabyň ilatynyň arasyndan kimdir birinden testiň položitel netijesi çykan ýagdaýynda, nähili çäreleriň görüljegi hem aýdylmaýar. 


18.06.2026 11:17
4.9k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.4k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....