Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsiniň ýagdaýy bilen tanyşdy

  • 10.06.2022 08:23
  • 32k+

9-njy iýunda Lebap welaýatyna saparynyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi. Häzirki wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag we demir ýol köprüleri ýurdumyzyň çäklerinden geçýän ýük hem-de ýolagçy akymlarynyň düýpli artmagyna ýardam berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Lebap welaýatynyň häkimi bilen sebitiň, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçilik meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, oba hojalyk ekinleri suwarylanda suw tygşytlaýjy usullary ulanmak, yzygiderli ýagdaýda degişli çäreleri geçirmek zerurdyr. Dünýä tejribesinden ugur alyp, iri suw geçirijilerini, suw howdanlaryny hem-de kölleri peýdalanmakda iň täze tehnologiýalary ulanmak, sarp edilýän suw serişdeleriniň doly hasabyny ýöretmek hem-de bu işleri sanly ulgama geçirmek möhümdir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


11.04.2026 15:04
8.8k+

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze döwrebap bazar gurlar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli......

10.04.2026 23:55
10k+

Mary — Türkmenabat ýolunyň hili we howpsuzlygy ISO şahadatnamalary bilen tassyklanyldy

Şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowa desganyň ýokary hilini we tehnologik taýdan......

10.04.2026 23:51
20k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 15:28
16k+

Awtobanyň soňky bölegi bolan Mary – Türkmenabat ýoly açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyryny açdy. Ýoluň umumy uzynlygy 600 kilometre deň diýip, «Neýtralnyý......