Gurbanguly Berdimuhamedow Lebabyň mugallymçylyk institutyna baryp gördi, täze teklipleri aýtdy

  • 10.06.2022 08:07
  • 16k+

9-njy iýunda Lebap wleaýatyna iş saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna baryp, bu ýerde döwrebap bilim almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça institutyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşyk geçirdi.

Alym Arkadagymyz duşuşygy açyp, şu günki duşuşygyň esasy meseleleriniň biriniň “Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek baradaky meseläni ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Milli Geňeşiň palatalary — Halk Maslahaty hem-de Mejlis tarapyndan bu hukuk namasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak işine girişildi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu gezekki duşuşyga gatnaşyjylar bilen bu mesele boýunça pikir alyşmagy maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mugallymlar we talyplar bilen söhbetdeşliginiň barşynda okatmagyň iň täze usullaryny ornaşdyrmak, nazary ylmyň tejribe-okuw sapaklary bilen utgaşdyrylmagy üçin institutda döredilen şertler barada pikir alşyp, bu ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk ugry boýunça ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny belledi. Bu ýerde ylmy işleri alyp barmak, dünýä tejribelerini düýpli öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu bolsa talyplaryň saýlap alan hünärlerine uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň esasy baýry okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim ulgamy üçin örän zerur hünärmenleriň taýýarlanylýandygyny aýtdy we öz durmuş tejribesinden birnäçe maslahatlary berdi.Gahryman Arkadagymyz daşary ýurt dillerini öwretmek meselesine ýygnananlaryň ünsüni çekdi, çünki dil bilmek uly baýlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, halkara gepleşik dili bolan iňlis diliniň iň irki ýaşdan başlap, heniz mekdebe çenli çagalar edaralarynda öwredilmegini höweslendirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowanyň şu instituty tamamlandyklary buýsançly ýagdaýdyr, şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz institutda ýörite otag açyp, onda Gahryman zenanlaryň durmuş hem-de döredijilik ýollary baradaky maglumatlary, şeýle hem sanly fotostudiýany we elektron kitaphanany ýerleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mekdep uçurymlarynyň käbiriniň orta mekdebi tamamlan ilkinji ýylynda ýokary okuw mekdeplerine girip bilmeýändiklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýaşlara saýlap alan hünäri boýunça tejribe toplar ýaly işe ýerleşmäge ýardam bermek meselesi barada oýlanyşmagyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen birlikde, ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmek baradaky teklip hem aýdyldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda alym Arkadagymyz institutyň halkara ölçeglere laýyk gelýän täze binasyny gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.


03.05.2026 14:32
14k+

Arkadag şäherinde bilim alýanlar üçin birnäçe talyp haklary giriziler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň......

03.05.2026 13:49
7k+

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda 4284 maşgala üçin ýaşaýyş jaýlary gurlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet......

03.05.2026 13:30
1.4k+

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Bakuda Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň mejlisine gatnaşar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we......

22.04.2026 14:54
3.6k+

Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde täze jaýlaryň açarlary gowşurylar

Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna işjeň taýýarlyk görülýär. Bu baýram mynasybetli şäher ilatyna täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak meýilleşdirilýär diýip, häkim......