Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabadyň köpugurly hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy

  • 10.06.2022 08:05
  • 31k+

9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Nobatdaky iş saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz welaýatyň merkezindäki köpugurly hassahana baryp, ilatyň, aýratyn-da, çagalaryň saglygynyň berkidilmegi ugrunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, bazarlarda önüm bolçulygynyň döredilişi bilen gyzyklandy hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtoulag köprüsine baryp gördi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny esaslandyryjy hajy Arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň köpugurly hassahanasyna baryp gördi. Hassahananyň kabul ediş bölüminde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde işleýän lukmandan bölümlerde işgärleriň netijeli işlemegi we näsaglar üçin döredilen şertler bilen baglanyşykly maglumat aldy, onda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy barada gyzyklandy.

Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda ýürek keselleri bölüminde bejergi alýan çagalaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy olaryň ene-atalary bilen söhbetdeşlikde lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi hem-de bejeriş işleriniň netijeleri barada sorady.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, çagalaryň saglygyny dikeltmek bilen bagly meseleler hemişe saglygy goraýyş işgärleriniň üns merkezinde bolar, çagalaryň ýakyn wagtda doly sagalmagy üçin olara zerur lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetiriler. Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly hassahanada bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletimiziň geljekde-de hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.


şu gün 08:18
1.8k+

Bedende süýjüni kadalaşdyrmagyň täze mehanizmi diabeti bejermäge çemeleşmäni üýtgedýär

Awstraliýanyň Walter we Eliza Holl adyndaky lukmançylyk barlaglary institutynyň alymlary bedende süýjiniň derejesini kadalaşdyrmagyň öň belli bolmadyk mehanizmini açdylar....

düýn 15:42
999

Alymlar autizmiň netijelerindäki gapma-garşylyklaryň sebäbini anykladylar

Russiýanyň NIU WŞE uniwersitetiniň alymlary autizm boýunça geçirilen ylmy işlere seljerme geçirip, barlaglaryň netijelerindäki tapawutlaryň köplenç eksperimentiň şertleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze......

26.04.2026 16:11
3.9k+

Buýan kökünde tapylan madda içege çişmesini basyp ýatyrmaga kömek edip biler

Tokio uniwersitetiniň ýapon alymlary ýokary öndürijilikli barlag arkaly buýan kökünde tapylan tebigy birleşme bolan glisirriziniň içegeleriň çişme keseliniň (IBD) öňüni netijeli alyp biljekdigini anykladylar....

20.04.2026 16:07
9.5k+

Barlag: Gazly suw artykmaç agramyň garşysyna göreşmäge we maddalaryň alyş-çalşyny çaltlaşdyrmaga kömek edip bilermi?

Gazly suw köplenç agramy azaltmagyň serişdesi hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde bar bolan uglerod dioksidi (CO2) dokluk duýgusyny döredip bilýär. Şeýle hem, ol iýmiti çalt siňdirýär we gandaky glýukozanyň......