Alymlar umumy meýdany 180 inedördül metr bolan dünýädäki iň uly ösümligi tapdylar

  • 08.06.2022 08:19
  • 21k+

Alymlar Awstraliýanyň kenarlarynda dünýädäki iň uly ösümligi – öz-özüni köp gezek klonlamak arkaly ösen we 180 km2 meýdany eýelän suwotuny ýüze çykardylar. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. 

Genetiki seljerme tapylan ýaşyl suwotularyň suwasty meýdanlarynyň 70 inedördül mil (180 inedördül kilometr) meýdany eýeleýän we 4500 ýyl bäri öz-özüni klonlaýan bir organizmdigini görkezdi. Derňew “Proceedings of the Royal Society B” žurnalynda neşir edildi.
Alymlar tutuş hana boýunça nusgalary alyp we suwotularyň baldaklarynyň DNK-syny deňeşdirip, otlugyň bir organizmdigini tassykladylar diýip, Günbatar Awstraliýa Uniwersitetinden derňewe gatnaşan deňiz biology Jeýn Ejlou ýazýar.
Dürli ösümlikler we käbir haýwanlar jyns taýdan köpelip bilýärler. Bir organizmiň klony bolmagynyň kesellere ýokary duýgurlyk ýaly kem taraplary bar, ýöne “bu proses çalt ösüşe ýardam edip, “umyt beriji nägehany” döredip bilýär” diýip, alymlar ýazýar.
Alymlar bu tapyndyny “Ýer ýüzündäki meşhur klonlaryň iň ulusy” diýip atlandyrýarlar, sebäbi ol Waşingtondan hem uly meýdany eýeleýär.
Suwotulardan ybarat otluk uly bolsa-da, ejizdir. On ýyl mundan ozal suwotular has uly meýdany eýeleýärdi, ýöne siklonlar we klimatyň üýtgemegi bilen bagly ummanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy ýakynda suwotularyň garry gatlagynyň tas ondan bir bölegini ýok etdi.


şu gün 06:42
2.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.9k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......