Apple iOS 16-ny tanyşdyrdy

  • 07.06.2022 08:26
  • 15k+

Apple korporasiýasy WWDC 2022-de tanyşdyrylyşyň çäklerinde öz operasion ulgamynyň täze wersiýalaryny köpçülige görkezdi. Çäräniň geçişine YouTube-da tomaşa etmek bolar.

Smartfonlara niýetlenen täze ulgam iOS 16 diýip atlandyrylar. Kompaniýa ýene-de dizaýn ulgamynyň üstünde işledi we ekran blokirowkasyny üýtgetdi: indi ulanyjy şrifti we ekranyň reňk bezegini üýtgedip, şeýle-de wijetleri goşup bilýär. Şonuň bilen birlikde, ekran blokirowkasynyň wagtal-wagtal awtomat çalşyp durýan  birnäçe wariantyny goşmak bolar. Indi ekran blokirowkasyna çykýan habarlar ekranyň aşagynda peýda bolar. 
iMessage-de ugradylan habarlary redaktirlemäge we aýyrmaga mümkinçilik bolar. Ses arkaly girizilme ulanylanda klawiatura, tiz redaktirlemek üçin, indi ekranyň ýüzünde galar.   


12.01.2026 16:39
2.2k+

Meteor, bozguç we duza ýatyrylan hyýar: iOS 27-de birnäçe täze emoji peýda bolar

iOS 27 operasion ulgamynda dokuz sany täze emoji peýda bolup biler. Emoji standartlaryna we olaryň ähli platformalar üçin tassyklanmagyna jogap berýän Unicode konsorsiumy deslapky sanawy hödürledi. Belli bolşy ýaly, Apple täze emojileri iOS-yň ýazky täzelenmeleri bilen bilelikde goşýar...

02.01.2026 12:24
6.7k+

Apple 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylda 25 sany enjamynyň we aksessuarynyň önümçiligini bes etdi. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, käbir modeller önümçilikden doly aýryldy, beýlekileri bolsa täze nesil wersiýalary bilen çalşyryldy...

26.12.2025 11:58
1.9k+

Apple-iň akylly äýnekleri 2026-njy ýylda çykarylar we AR funksiýasyny goldamaz

Apple kompaniýasynyň akylly äýnekleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň habar bermegine görä, enjamyň ilkinji wersiýasynda goşmaça hakykat (AR) funksiýalary bolmaz...

25.12.2025 12:10
1.4k+

Apple täze MacBook Pro M5-de batareýany çalşyrmagy aňsatlaşdyrdy

Apple kompaniýasy öz enjamlarynyň abatlanmaga bolan ukybyny (repairability) ýokarlandyrmagyny dowam etdirýär. M5 kristaldaky ulgamyna (SoC) esaslanýan täze MacBook Pro modelinde akkumulýatory çalşyrmak prosesi ep-esli ýönekeýleşdirildi...