Telekeçileri goldamak we zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin 300 mln dollar bölüp berdi

  • 04.06.2022 22:42
  • 50k+

Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere 150 million, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleri bölünip berler.

Bu baradaky degişli Karara şu gün — 4-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Döwlet Baştutany döwlet serişdeleriniň özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy, işewürligiň ösmegi üçin amatly şertleri döretmegi we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekip, azyk harytlarynyň bahalarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezligi tabşyrdy.


şu gün 16:45
245

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....