Döwletliler köşgüniň binalarynda rejeleýiş işleri geçiriler

  • 01.06.2022 02:03
  • 14k+

Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň binalarynda rejeleýiş işleri geçiriler. Bu barada 31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýerde terbiýelenýän çagalar bilen gürrüňdeşliginde habar berdi. 

Döwlet Baştutany Döwletliler köşgüniň gurlup ulanmaga berlenine ençeme ýyl geçendigini, häzirki wagtda bu desganyň has könelişendigini, köşkde ýerleşýän binalaryň rejeleýiş işleriniň geçirilmegini talap edýändigini belläp, ýakyn geljekde ony has-da döwrebap ýagdaýa getirmegiň maksat edinilýändigini aýtdy. 

«Bu ýerde ýerleşýän ähli otaglarda abatlaýyş işlerini geçirip, häzirki zamanyň enjamlary bilen üpjün ederis. Ýaşlarymyzyň oňat dynç alyp, bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli şertleri dörederis» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.  


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......