Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne baryp gördi

  • 01.06.2022 02:02
  • 17k+

31-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.

Irden Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüniň öňündäki meýdançada garşylanyldy. Bu ýerde terbiýelenýän çagalar köpöwüşginli aýdym-sazly we tansly çykyşlaryny görkezdiler. Döwlet Baştutany kitaphana-muzeý toplumyna baryp gördi. Şol ýerde köp sanly kitaplar çagalaryň ygtyýaryndadyr. Muzeýde dürli serişdeler, şol sanda Döwletliler köşgüniň döredilmeginiň taryhy we onuň işi barada gürrüň berýän wideogörnüşli serişdeler goýlupdyr. 

Soňra hormatly Prezident bu terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz çagalara ýüzlenip, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady, okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary, Döwletliler köşgüniň uçurymlarynyň haýsy hünäri saýlap almak isleýändikleri bilen gyzyklandy. Öz nobatynda, çagalar sowallara jogap berip,  netijeli okamak, göwnejaý dynç almak we boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin döredilen ajaýyp şertler, özleriniň gyzyklanýan zatlary, sapaklardan daşary döredijilik, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýandyklary, uçurymlar bolsa geljekki maksatlary, haýsy hünäri saýlap aljakdyklary barada gürrüň berdiler. 

Soňra baýramçylyk mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere sowgatlar gowşuryldy. 1-nji iýunda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna baýramçylyk sowgatlarynyň gowşuryljakdygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 500 müň manadyň bölünip berlendigini nygtamak gerek. 


01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.8k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......