Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanda bulutsyz hem yssy howa bolar

  • 30.05.2022 14:37
  • 22457
Hepdelik howa maglumaty: Türkmenistanda bulutsyz hem yssy howa bolar

Iýunyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda birsydyrgyn açyk we yssy howa bolar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda hepdäniň dowamynda howa ýuwaş-ýuwaşdan gyzar — duşenbe güni temperatura +32 , sişenbede — +34 , çarşenbede — +35, penşenbe güni bolsa eýýäm +37 derejä ýeter. Anna güni gündizine temperaturanyň +34 derejä çenli aşaklamagyna we termometriň sütünjiginiň hepdäniň ahyryna çenli şol derejede saklanmagyna garaşylýar. 

Balkan welaýatynda hepdäniň dowamynda temperatura kem-kemden ýokarlanar — duşenbe güni howa +35 derejä çenli gyzar, temperaturanyň sişenbede — +37, çarşenbede — +38, penşenbe güni bolsa +39 derejä çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Anna gününden başlap, hepdäniň ahyryna çenli temperatura +38 derejede saklanar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň birinji ýarymynda howa duşenbede +34 dereje bolmagyndan çarşenbe güni +36 derejä çenli kem-kemden gyzar. Penşenbe gününden ýekşenbä çenli gündizine howanyň temperaturasy +32 — +33 dereje aralygynda üýtgäp durar.

Mary welaýatynda hepdäniň dowamynda gündizki temperaturanyň aňrybaş gyzgynlygy duşenbede +32, sişenbede +34, çarşenbede +36 we penşenbe güni +37 derejä çenli kem-kemden ýokarlanar. Anna we şenbe günleri termometriň sütünjigi +34-e, ýekşenbe güni bolsa +32 derejä çenli aşaklar.

Lebap welaýatynda howanyň duşenbe güni +32, sişenbe güni bolsa +34 dereje bolmagyna garaşylýar. Şol günler şemalyň aňrybaş tizligi sekuntda 16 metre ýetmegi mümkin. Çarşenbe güni howa +36 derejä çenli gyzar. Penşenbede howanyň aňrybaş temperaturasy +34 derejä çenli aşaklar diýip garaşylýar. Dynç günlerinde, ýagny şenbe güni termometriň sütünjigi +33-i we ýekşenbe güni +34-i görkezer diýip çaklanylýar.     


30.11.2022 01:06
42193

Türkmenistana sowuk hem ýagynly howa aralaşýar

Türkmenistanda eýýäm şu hepdäniň ortalaryndan howanyň üýtgäp, sowuk hem ýagynly howa akymynyň aralaşmagyna garaşylýar. Sişenbe güni demirgazykda sebitlerde gije termometriň sütünjigi -2 — -7 gradusa düşüp biler...

14.11.2022 20:46
40767

Türkmenistanda içerki gatnawlaryň täzelenen tertibi neşir edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda içerki howa gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan hereket edýän ugurlaryny we rejesini neşir etdi. Awiakompaniýa uçuşlaryň rejesiniň üýtgäp bilýändigini belläp...

07.11.2022 12:57
22565

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň (7-13-nji noýabr) dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny...

07.10.2022 15:11
34643

Türkmenistanyň günbatarynda güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda tizligi sekuntda 14-19 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär. Hazar deňziniň orta böleginde tizligi sekuntda...