Haly baýramy mynasybetli ussat halyçylar sylaglanyldy

  • 30.05.2022 14:30
  • 5.6k+

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, 29-njy maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde ýurdumyzyň ussat halyçylaryny sylaglamak dabarasy boldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen halylaryň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlary salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň ussat halyçylaryna “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ady dakmak dabarasy boldy.

Dabarada taryhy-medeni mirasy saklamakda, türkmen halkynyň däplerini nesilden-nesle geçirmekde we ýaşlary terbiýelemekde milli halyçylyk sungatyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen konsert pudagyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.


01.06.2026 16:11
2.1k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:04
3.2k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......

31.05.2026 04:56
3.5k+

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

26.05.2025 23:15
9.4k+

Haly baýramy mynasybetli sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisi geçirildi

25-nji maýda Aşgabatda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi. Esasy baýramçylyk dabaralary Türkmen halysynyň milli muzeýinde guraldy...