Roman Abramowiç «Çelsini» satdy

  • 27.05.2022 08:45
  • 18k+

Londonyň “Çelsi” futbol klubyny satmak baradaky şertnama resmi taýdan tamamlandy. Bu barada Beýik Britaniýanyň hökümetine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

APL-iň russiýaly milliarder Roman Abramowiçe degişli bolan kluby amerikaly işewür Todd Boeliniň konsorsiumyna satyldy. Öň şertnamanyň bahasynyň 5,33 mlrd dollar bolandygy habar berlipdi.
26-njy fewralda Abramowiç Beýik Britaniýanyň hökümetiniň sanksiýalaryna sezewar bolandygy sebäpli, “Çelsini” dolandyrmagy adybir haýyr-sahawat gaznasyna tabşyrdy. Onuň aktiwlerine, şol sanda futbol klubuna tussag goýuldy. Ýurduň häkimiýetleri Abramowiçe kluby satmakdan girdeji almagy gadagan etdiler, şol sebäpli şertnama ýatyrylmak howpunyň astynda bolupdy.
Abramowiç “Çelsini” 2003-nji ýylda satyn aldy. Onuň ýolbaşçylyk eden döwründe klub bäş gezek Angliýanyň çempiony we iki gezek Çempionlar ligasynyň hem Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy. 


düýn 16:49
4.9k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.2k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
6.9k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.3k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....