YHG ýurtlarynyň wekilleri Tähranda duşuşdylar

  • 25.05.2022 12:58
  • 5.4k+

23-nji maýda Tähranda YHG-nyň Sekretariatynda «YHG-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak we tanymallygyny artdyrmak» atly mowzuk bilen iş duşuşygy öz işine başlady. Mejlis agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde geçirilýär. Türkmenistanyň wekiliýetine bolsa daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ýolbaşçylyk edýär.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, ýokary derejeli duşuşyk plenar mejlisiden we iki sany iş tapgyryndan ybaratdyr. Sessiýa takyk meseleleriň birnäçesine, hususan-da, pandemiýadan soňky ýagdaýlarda sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin usullar we ýollar hem-de 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere seretmäge gönükdirilendir.

Birinji günde sebitleýin söwdanyň we özara gatnaşyklaryň, agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle-de agza ýurtlaryň arasynda üstaşyr ugrundaky hereketleriň giňeldilmeginiň, amallaryň birmeňzeş we ylalaşylan bolmagynyň zerurdygyny nygtadylar.


düýn 17:31
1.2k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.9k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....