Serdar Berdimuhamedow ABŞ-ly işewürler bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdy

  • 25.05.2022 08:54
  • 11k+

24-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösdürilmegine maýa goýmagy hem-de amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar. "Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işleri, uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň eýeleýän orny ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, himiýa we azyk senagaty, ekologiýa ulgamlary bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamy hyzmatdaşlygyň täze ugry hökmünde bellenildi. Işewürler ýurdumyzyň bedenterbiýe we ýokary netijeler sportunda ýeten sepgitlerine, türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerine hem-de paýtagtymyzda we welaýatlarda bina edilen döwrebap sport toplumlaryna, şol sanda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary guralan Olimpiýa şäherçesine ýokary baha berip, ABŞ-nyň bu ulgamda ýöriteleşen kompaniýalarynyň sportuň golf görnüşiniň Türkmenistanda ösdürilmegine goldaw bermegi maksat edinýändiklerini aýtdylar.

Döwlet Baştutany bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......