Bill Geýts haýsy smartfony halaýandygyny aýtdy

  • 24.05.2022 11:32
  • 24k+

Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts eplenýän gurluşlary halaýandygy barada gürrüň berdi. Telekeçi apparatyň haýsy kysmyny gowy görýändigini Reddit-de sowal-jogap sessiýasy (AMA, Ask we anything) mahalynda agzady. Meýdança geleniň: «Geýts haýsy telefony ulanýar» diýen sowalyna telekeçi: «Android ekoulgamyna gadyr goýýar» diýip, jogap berdi. «Mende Samsung Galaxy Z Fold 3 bar» — diýip, milliarder belledi.  Şonda Bill Geýts enjamyň form-faktory arkaly, dewaýsy bir wagtda smartfon hökmünde-de, portatiw kompýuter hökmünde-de ulanýandygyny belledi. Şeýle-de, Microsoft-yň esaslandyryjysy wagtal-wagtal ulanýan telefonlaryny çalşyp durýandygyny habar berdi.

Ulanyjylaryň aglabasy öz ýazýan teswirlerinde Microsoft-yň Windows-yň bazasynda smartfonlary işläp taýýarlamagy togtadandygy barada agzaýarlar. «iOS hem, Android hem göwnüme ýaranok, ýöne men olaryň haýsy bolsa-da birini saýlaýmaly. Bu degnama degýär! » — diýip, mahhuang nikli bir ulanyjy aýdýar. «Windows Phone-nyň wepaly hyrydarlary az däl» — diýip, meýdança gelen OttomateEverything nikli biri nygtaýar.
Android Authority neşiriniň žurnalistleri Geýtsiň işlenip taýýarlanan Microsoft Surface Duo 2-niň deregine Samsung smartfonundan peýdalanýandygyny belledi. Şeýle-de bolsa, awtorlar koreý we amerikan kompaniýalarynyň mobil gurluşlar ulgamynda öňden bäri hyzmatdaşlyk edýändiklerini ýatlatdylar.


şu gün 09:59
631

Samsung Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra megerem, soňky howpsuzlyk täzelenmesini aldy

Samsung kompaniýasy Galaxy S21 seriýasy üçin 2026-njy ýylyň ýanwar aýyndaky howpsuzlyk täzelenmesini ýaýratmaga başlady. Bu täzelenme, öň yglan edilen goldawyň çäginde Galaxy S21, Galaxy S21+ we Galaxy S21 Ultra modelleri üçin iň soňky resmi täzelenme bolmagy mümkin...

23.01.2026 20:06
6.3k+

Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy

Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar...

18.01.2026 23:38
2.4k+

Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler...

18.01.2026 15:41
9.1k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...