KHDR-da eýýäm ýarym milliondan gowrak COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy

  • 15.05.2022 10:20
  • 23k+

Demirgazyk Koreýada 13-nji maýda 174 müňden gowrak koronawirus hadysasy hasaba alyndy, bir günüň dowamynda koronawirusdan 21 adam aradan çykdy diýip, Yonhap agentligi habar berýär. Muny interfax.ru ýetirýär.

Umuman, KHDR-da aprel aýynyň ahyryndan 13-nji maý aralygynda 524 440 COVID-19 hadysasy ýüze çykaryldy, 27 adam aradan çykdy. Kesellänlerden 243 630 adam doly sagaldy, 280 810 adam heniz bejergi alýar.
Demirgazyk Koreýa 12-nji maýda pandemiýa başlany bäri ilkinji gezek ýurtda koronawirus bilen kesellemek hadysasynyň bardygyny tassyklady. Lider Kim Çen Yn koronawirus ýaýrawyny “ýurduň döredilen wagtyndan bäri iň uly sarsgyn” diýip atlandyrdy.
Koreýanyň Merkezi telegraf agentliginiň saýtyndaky habara görä, Koreýanyň Zähmet partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosy 14-nji maýda “iň ýokary adatdan daşary karantin ulgamynyň iş ýagdaýyny barlamak we amaly syýasy çäreleri güýçlendirmek üçin” mejlis geçirdi. Oňa Kim Çen Ynyň hut özi ýolbaşçylyk etdi.
KHDR-nyň lideri beýleki zatlar bilen bir hatarda ýurduň lukmançylyk häkimiýetleriniň “beýleki ösen ýurtlaryň karantin syýasatyny, karantin üstünliklerini we tejribesini gowy öwrenmeginiň möhümdigini” belledi.


23.05.2025 12:05
1.9k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi...

14.04.2025 23:50
2.4k+

BSGG geljekki pandemiýalara garşy göreşmek barada şertnama boýunça doly ylalaşyga ýakyn geldi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) agza ýurtlaryň wekilleri geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalaryň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan halkara şertnamanyň esasy maddalary boýunça ylalaşyga geldiler...

20.03.2025 12:22
4.6k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.2k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...