Werstappen «Formula-1-iň» bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

  • 09.05.2022 13:37
  • 3.7k+

«Red Bull» toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň bäşinji tapgyry bolan Maýaminiň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş ýekşenbe güni geçirildi.

Werstappen 57 aýlawy 1 sagat 34 minut 24,258 sekuntda geçdi. Ikinji we üçünji orunlary “Ferrari” toparynyň sürüjileri Monakodan Şarl Lekler (yza galyş 3,786 sekunt) we ispaniýaly Karlos Saýns (+8,229) eýeledi. Ýedi gezek dünýä çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton (“Mersedes”) altynjy orny eýeledi, ol Werstappenden 21,368 sekunt yza galdy.

“Alfa Tauriniň” fransiýaly sürüjisi Pýer Gasli bilen “Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris biri-biri bilen çaknyşyp, ýaryşy tamamlap bilmediler. “Alfa Romeonyň” hytaýly sürüjisi Çžou Guanýuý tehniki näsazlyklar sebäpli distansiýadan çykdy.

Dünýä çempionatynyň umumy sanawynda Lekler birinji orny eýeleýär, onuň hasabynda 104 utuk bar. Ikinji orny Werstappen (85 utuk), üçünji orny “Red Bulldan” meksikaly Serhio Peres (66) eýeleýär. Hemilton altynjy orunda (36). Konstruktorlaryň kubogynda “Ferrari” öňdebaryjy (157 utuk), ikinji orny “Red Bull” (151), üçünji orny “Mersedes” (95) eýeleýär.

Maýaminiň Gran-prisi “Formula-1-iň” taryhynda ilkinji gezek geçirildi. Indiki tapgyr 20 – 22-nji maýda Barselonada geçiriler.


düýn 15:55
8.5k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
8.4k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.4k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....

düýn 10:43
8.6k+

Sarukýan RAF 10 ýaryşynda Fergýusony ýeňdi, Çimaýewiň söweşi köpçülikleýin uruş bilen tamamlandy

ABŞ-nyň Missuri ştatynyň Sent-Luis şäherinde geçirilen «RAF 10» göreş ýaryşynda Arman Sarukýan UFC-niň öňki söweşijisi Toni Fergýuson bilen tutluşykda wagtyndan öň ýeňiş gazandy, Hamzat Çimaýew bilen Dillon......