Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

  • 09.05.2022 12:49
  • 4.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Pakistanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtap, sebitiň ykdysady taýdan ösmeginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi.


düýn 11:28
545

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......