ABŞ-da adamlara çip oturdyp başladylar

  • 08.05.2022 18:50
  • 31k+

Adamlary çiplemek işinde iň haý-haýly taslama Neuralink hasaplanýar, onuň gözbaşynda Ilon Mask durýar. Emma adamlary çiplemekde başlangyç ädim Neuralinke degişli däldir — muny Synchron amala aşyrdy. Çeşmäniň ýazmagyna görä, ABŞ-da Synchron-yň işläp taýýarlan Stentrode beýni-kompýuter interfeýsiniň ilkinji kommersiýa ulgamynyň kliniki synaglary başlandy. Eger synaglar şowly diýip ykrar edilse, ulgamy hemme ýerde ulanyp bolar, ol ilkinji nobatda ysmaz keselliler üçin göz öňünde tutulandyr. 

Işläp taýýarlaýjylar we lukmanlar kliniki barlaglaryň çäklerinde Stentrode-nyň hassalar üçin howpsuzdygyna, şeýle hem, onuň el degrilmezden sanly gurluşlar bilen netijeli işlemäge ukyplydygyna göz ýetirmelidirler. 
Stentrode-nyň elektrodlary gandamarlar arkaly beýnä geçýär we ulgam beýniniň işjeňligini tekstli habarlar, elektron poçta we beýleki durmuşda gerek bolýan zatlar bilen işlemäge mümkinçilik berýän elektriki yşaratlara öwürmäge başlaýar.
Stentrode mümkinçiligi çäkli adamlara daşky dünýä bilen aragatnaşyk saklamagy ep-esli ýeňilleşdirýär. Resmi maglumatlara görä, diňe ABŞ-yň özünde ulgamyň 5 million potensial ulanyjysy bar. Häzirlikçe barlaghanada synaglaryň gysga möhletli tapgyrlaryny geçirmäge rugsat alyndy. Ýöne, eger kliniki synaglaryň birinji döwri şowly tamamlansa, onda programma giňeldiler, bu bolsa hassalara Stentrode-i uzak ulanmaga mümkinçilik berer. Taslamanyň ýakyn birnäçe ýylyň dowamynda kommersiýalaşdyrylmagyna garaşylýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....