Hytaý dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnady

  • 07.05.2022 09:05
  • 13k+

Hytaý alymlary Ewerestiň gerşinde dünýäde iň beýik meteostansiýany gurnadylar. Ol 8800 metr belentlikde ýerleşýär. Ondan öňki iň beýik meteorologiýa stansiýasy 2019-njy ýylda amerikan-britan ekspedisiýasy tarapyndan Ewerestiň günorta eňňidinde, 8430 metr belentlikde gurnalypdy.

13 adamdan ybarat ylmy ekspedisiýa Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tibet daglygynyň barlaglary instituty tarapyndan guraldy. Stansiýanyň ähli enjamlarynyň agramy 50 kg töweregi bolup, ýokary çykarmak üçin onuň esasy bölekleri söküldi. Hytaý alymlarynyň bu taslamasy Ewerestiň depesinde onlarça şunuň ýaly stansiýalary ýaýbaňlandyrmagy göz öňünde tutýar. Üstümizdäki ýylda olaryň eýýäm dördüsi: 5200, 7028, 7790 we 8300 metr belentliklerde gurnaldy. Geçen ýyl bolsa üç sanysy: 5400, 5800 we 6500 metr belentliklerde gurnalypdy.

Hytaýly barlag geçirijileriň pikirine görä, Ewerest ählumumy maýylganlygyň täsirini başdan geçirýär. Sekiz sany täze stansiýa şemalyň tizligi, onuň öwüsýän ugurlary, howanyň çyglylygy baradaky maglumatlary ýygnar. Mundan hem başga, alymlar olar arkaly ýokary belentliklerde buzluklaryň ereýşi hakynda has köp maglumatlary alarlar.


düýn 11:51
6.1k+

Hytaýda gapdallaýyn ýöreýän äpet robot-samoswal döredildi

Hytaýyň Shuanglin Group kompaniýasy Tsinghua uniwersitetiniň alymlary bilen bilelikde täze nesil sürüjisiz dag-magdan samoswalyny — Shuanglin K7 modelini tanyşdyrdy. Bu ulagyň täsin tarapy, onuň edil leňňeç......

09.05.2026 18:35
5.1k+

Hytaý dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny işe girizdi

Hytaý kuwwaty 16 MWt bolan dünýäde iň uly ýüzýän ýel turbinasyny ulanylyşa girizdi. «Three Gorges Pilot» diýlip atlandyrylýan desga 2-nji maýda Guandun welaýatynyň Ýanszýan kenaryndan, takmynan, 70 kilometr......

07.05.2026 14:36
3.3k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 09:23
5.6k+

Gün energiýasynyň kömegi bilen Taklamakan “ölüm deňzinde” “ýaşyl däliz” peýda boldy

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Taklamakan çölüniň içinden geçýän 522 kilometrlik gara ýol ekologiýa taýdan möhüm bir üstünlige ýetdi: bu ýerde 15 million kilowatt-sagatdan gowrak gün energiýasy öndürildi.......