Hytaýda tizligi sagatda 400 km-a ýetýän demirýol otlusyny synagdan geçirdiler

  • 28.07.2025 13:45
  • 7.1k+

Hytaýyň Demirýol Ylymlary akademiýasy tizligi sagatda 400 km-a ýetip bilýän täze CR450 demirýol otlusyny döretdi. Häzir otly işe başlamazdan ozal soňky synaglardan geçýär diýip, Interesting Engineering ýazýar.

Artdyrylan tizlik aerodinamiki üýtgeşmeler we kämilleşdirilen şassi netijesinde gazanyldy.
Barlagçy Şao Szýunyň gürrüň bermegine görä, tizlik sagatda 350 km-dan 400 km-a çenli ýokarlananda, otludaky howa basyşy 30% ýokarlanýar. Garşylygyň 95% töweregi otly elementleriniň sürtülmesi esasynda däl-de, aerodinamika bilen döredilýär. Garşylygy azaltmak üçin hünärmenler çalt uçýan guşlaryň şekillerini öwrendiler we otlynyň süýnmek öň bölegini döretdiler, şeýlelikde howanyň garşylygyny takmynan 2,6% azaltdylar.
Ýöreýiş böleginiň gurluşyna goşmaça üýtgeşmeler girizildi. Inženerler teležkalaryň açyk böleklerini ýapýan örtme ulgamyny döretdiler. Bu çäre aerodinamiki garşylygy 22% azaltdy. Şol bir wagtyň özünde, tizligiň ýokarlanandygyna garamazdan, energiýa sarp edilişi öňki modeliň derejesinde galdy.
Tormoz ulgamy hem kämilleşdirildi. Otly sagatda 400 km bilen barýarka 6,4 km galanda doly saklanýar. Şu maksat bilen ýokary temperatura, ýadawlyga we deformasiýa çydamly täze material döredildi. Ony işläp taýýarlamak üçin bir ýyldan gowrak wagt gerek boldy we ýüzlerçe synagdan geçirildi. Inženerleriň baha bermegine görä, tormoz berlende iki minutda 7,5 tonna suwy gaýnadyp bilýän energiýany çykarýar.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......