Serdar Berdimuhamedowa musulman döwletleriniň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar

  • 03.05.2022 08:44
  • 13k+

Tutuş musulman dünýäsinde giňden bellenilen Oraza baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna dostlukly döwletleriň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşýar. Gutlaglary iberenleriň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygy Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahund bar.

Gutlaglary iberenler Prezident Serdar Berdimuhamedowy rehimdarlygy we ruhy päkligi alamatlandyrýan, adamzady agzybirlige, parahatçylyga çagyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, parahatçylyk, durnuklylyk arzuw edýärler.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......