Braziliýada «omikronyň» täze görnüşi tapyldy

  • 01.05.2022 14:53
  • 12k+

Braziliýada koronawirusyň «omikron» ştammynyň täze görnüşi ýüze çykaryldy. Bu barada Folha de Paulo gazeti ýazýar.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, ýarawsyz — San Paulu şäherinden üç ýaşly çaga. Agzalan görnüşiň nusgasy ondan üstümizdäki ýylyň 16-njy fewralynda alnypdy.
Barlagyň geçirilen barlaghanasynda habar berişlerine görä, gürrüň «omikronyň» BA.1 bilen BA.2 görnüşleriniň garyşmagyndan dörän mutasiýa barada gidýär. Barlaghanada mutasiýanyň öň dünýäniň hiç bir ýerinde gabat gelmändigini we Gisaidde — 70-den gowrak döwletiň ýokanç hakyndaky genom maglumatlaryny birleşdirýän platformada kataloglaşdyrylmandygyny tassyklaýarlar.
Mutasiýanyň täze rekombinant ştam diýip ykrar edilmegi üçin dürli adamlardan alnan azyndan bäş nusga gerek.
18-nji aprelde Braziliýanyň COVID-19 pandemiýasy sebäpli girizilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrýandygy habar berildi. Emma, ekspertler ýokanç bilen kesellänleriň sany häli ýaňy-ýakynda azaldy, adatdan daşary ýagdaý düzgünini ýatyrmagyň heniz wagty däl diýip, ýagdaýa baha berýärler.   

 


20.03.2025 12:22
4.5k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.1k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.7k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...