Awtomobil ýollarynyň gurluşygy boýunça täze agentligiň işi kämilleşdirilýär

  • 30.04.2022 13:56
  • 19k+

29-njy aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şu ýylyň fewralynda döredilen Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň düzümine ýol gurluşyk işlerini berjaý edýän ýöriteleşdirilen edara-kärhanalaryň 18-si girdi.

Bellenilişi ýaly, Gurluşyk we binagärlik ministrligi hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde ýol işleriniň nyrhlary, olary maliýeleşdirmegiň ygtybarlylygyny kesgitlemek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Pudagara toparyň mejlisinde şu mesele boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň ýol gurluşyk pudagynyň işini kada laýyklykda guramak hem-de ýol işlerini ygtybarly maliýeleşdirmek üçin awtoulag ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, abatlamak we abat saklamak boýunça işleriň täze çenlik ölçeg kadalaryny işläp düzmek teklip edilýär. Şeýle hem agentligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, bäsleşik esasynda täze tehniki we önümçilik enjamlaryny, awtomobil ulaglary bilen ýükleri daşamagyň täze nyrhnamasyny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşykda nyrh emele getirmegiň we hasaplaşyk ulgamlarynyň kadalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreleriň wajypdygyny nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etmegi tabşyrdy.


şu gün 12:20
154

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......