Braziliýanyň ýaşaýjysy şol bir kompaniýada 84 ýyl işläp, Ginnesiň rekordyny goýdy

  • 29.04.2022 19:56
  • 17k+

Braziliýanyň ýaşaýjysy şol bir kompaniýada eýýäm 84 ýyl bäri işleýär we ol Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada “Oddity Central” ýazýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

100 ýaşly Uolter Ortmann 1938-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda, ýagny 15 ýaşynda Industrias Renaux SA kompaniýasyna işe ýerleşdi. Ol öz karýerasyny eltip bermek bölüminde kömekçi bolup başlady, ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ol satuw menejeri wezipesini eýeledi. 84 ýylyň içinde Ortmann dünýäniň dürli ýerlerine aýlandy, dokuz dürli walýutada aýlyk aldy.

“Siz öz işiňizi söýmeli” – diýip, Ortmann aýdýar.

2022-nji ýylda Uolter şol bir kompaniýada iň uzak karýerasy üçin resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol şeýle üstünligine buýsanýar we ýaşyna garamazdan, heniz hem pensiýa çykmagy meýilleşdirmeýär.

Işiniň ilkinji ýyllaryny ýatlamak bilen, Uolter häzirki wagtda işgärler üçin işiň 84 ýyl ozalkydan has ýeňildigini belleýär. Esasy zat, ykjam telefonyň we internete elýeterliligiň bolmagy we netijede işi dünýäniň islendik nokadyndan amal etmek bolýar. Ortman şunça ýyllap nähili işjeň bolmalydygy we öz işiňi nähili söýmelidigi baradaky soraga ikirjeňlenmän, şeýle jogap berdi:

“Gaharlanmaň, ähli zady ýylgyryş bilen ediň. Duşman gazanmaň, asuda ýaşaň. Bu ýerde, Ýerdäki durmuş diňe geçiş tapgyrydyr”.


düýn 23:15
653

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......

düýn 12:16
2.9k+

Koreýaly futbolçy bir aýagy bilen topy 60 sekuntda 363 gezek galdyryp rekord goýdy

Günorta Koreýaly futbolçy Çžan Wu Son üýtgeşik üstünlik bilen resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minudyň içinde topy bir aýagynda 363 gezek galdyrmagy başardy....

12.05.2026 11:50
6.7k+

Amerikanyň ýaşaýjysy «Bearbrick» şekiljikleriniň heniz görülmedik möçberini ýygnap Ginnese girdi

Illinoýs ştatynyň ýaşaýjysy, amerikaly kolleksioner Deniel Park dünýäde iň köp «Bearbrick» şekiljiklerini ýygnap, adyny Ginnesiň rekordlar kitabyna ýazdyrdy....

09.05.2026 05:59
4.5k+

Arubaly pälwan 10 tonnalyk awtobusy boýny bilen çekip, dünýä rekordyny goýdy

49 ýaşly pälwan Egmond Molina agramy takmynan 10 tonna bolan awtobusy boýny bilen 20 metr aralyga çekip, dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi saýtynda habar berilýär....