Serdar Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşyklary bilen tanyşdy

  • 29.04.2022 05:13
  • 16k+

28-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.

Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş öýleriniň taslamalary bar. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna täze merkezde gurulmagy göz öňünde tutulýan ýerasty geçelgeleriň baş meýilnamasy, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.

Döwlet Baştutany gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagynyň we öz wagtynda tabşyrylmagynyň, olaryň gurluşygynda we timarlaýyş işlerinde ýokary hilli serişdeleriň ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.


düýn 22:17
1.7k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.8k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......