Iň meşhur iPhone belli boldy

  • 26.04.2022 17:24
  • 20k+

Consumer Intelligence Research Partners-iň (CIRP) analitikleri Apple-iň bazardaky iň meşhur smartfonlaryny anykladylar. Bu barada 9to5mac neşiri habar berýär.

2022-nji ýylyň mart aýynyň jemi boýunça Apple-iň beýleki smartfonlarynyň arasynda global satuw boýunça iPhone 13 lider boldy. Esasy flagmanyň paýy 38 göterime deň. Bu amerikan brendiniň belli bir modeliniň soňky birnäçe ýylda gazanan iň ýokary görkezijisidir.

“Dört modele – 13, 13 Pro, 13 Pro Max we 13 mini smartfonlaryna mart aýyndaky satuwyň tas dörtden üç bölegi degişli boldy” – diýip, gözlegiň awtorlary belleýär. Bir ýyl mundan ozal iPhone 12 seriýasynyň gurluşlarynyň paýy 61 göterim bolupdy. Şeýle-de, Apple-iň ykjam telefonlarynyň ýörgünli däldigi hasaba alyndy – iPhone 12 mini bilen iPhone 13 mini smartfonlarynyň her birine satuwyň, takmynan, üç göterimi degişli.

iPhone XR, iPhone 11 we iPhone SE-niň umumy paýy 15 göterime golaý boldy. Bu köne telefonlara islegiň bardygyny görkezýär. Bu bazarda gaýtadan dikeldilen smartfonlaryň ýüze çykmagy we trade-in-iň meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr. 


02.03.2026 22:21
4.7k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

27.02.2026 15:17
1.8k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
2k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...