Apreliň ahyrynda Aşgabatdan Moskwa ýörite uçuş amala aşyrylar

  • 25.04.2022 16:48
  • 24k+

29-njy aprelde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçary bilen Aşgabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçuş amala aşyrylar. Degişli bildiriş Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň Telegram-kanalynda neşir edildi.

Aşgabatdan uçuş wagty — ýerli wagt bilen 10:00.
Petekleriň satuwy Aşgabatda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň edara binasynda 27-nji aprelde başlanýar. Petegiň bahasy - 600 dollar. Töleg walýutada geçirilýär. Töleg boýunça goşmaça maglumatlary awiakompaniýadan anyklap bolar.
Daşary ýurtly raýatlar üçin Russiýada uçulanda 48 sagat möhleti bolan otrisatel PZR test barlagynyň jogaby hökmanydyr.
29-njy aprele meýilleşdirilen Aşgabat-Moskwa ýörite uçuşynyň ýolagçylary Russiýa boýunça ondan soňky üstaşyr uçuşlary üçin petekleri S7 Airlines awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan alyp bilerler.


12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....