Minnihanow Berdimuhamedowy geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy

  • 25.04.2022 13:13
  • 18k+

24-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi.
Arkadagymyz maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň ähmiýetini nygtady.
Prezident Rustam Minnihanow duşuşygyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy dürli jemgyýetçilik-medeni çärelerine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.
Arkadagymyz geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere, şol sanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä, şeýle hem “Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine we her ýyl geçirilýän “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz bu çakylygy ýokary hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.


11.05.2026 22:55
970

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......