Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy

  • 24.04.2022 01:03
  • 8.4k+

Türkmenistanda Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 22-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geçirilen toplumlaýyn işleriň netijesi boýunça zerur resminamalaryň toplumy hem-de awtomobil, howa we deňiz ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak boýunça iş ýerine ýetirilende döwletiň, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramaga gönükdirilen degişli teklipler taýýarlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda ygtyýarlandyrmak işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny belledi we hödürlenen teklipleri makullap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda amala aşyrylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


şu gün 07:51
662

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
903

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......