Türkmenistan «John Deere» kysymly täze tehnikalary satyn alar

  • 23.04.2022 09:48
  • 12k+

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky degişli Karara Hökümetiň 22-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Hususan-da, wise-premýer E.Orazgeldiýew obasenagat toplumynda “John Deere” kompaniýasynyň häzirki zaman tehnikalarynyň birinji tapgyrynyň netijeli ulanylýandygy barada hasabat berip, döwlet Baştutanynyň garamagyna gowaça ekişinde hem-de onuň ideg işlerinde döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň ikinji we üçünji tapgyrlaryny satyn almak barada Kararyň taslamasyny hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow “John Deere” kompaniýasynyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän işewür hyzmatdaşydygyny belledi. Obasenagat toplumynyň kuwwatyny artdyrmak, ony täzeçil usullarda we dünýäniň öňdebaryjy tejribesi esasynda tehniki taýdan döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biridir. Şoňa laýyklykda, oba hojalygynyň dolandyryş ulgamyna sanly elektron usuly ornaşdyrmak meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamak tabşyryldy.


11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......