Adam hukuklary boýunça Hereketler meýilnamasynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanylar

  • 24.04.2022 01:01
  • 15k+

«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» 2022 — 2028-nji ýyllar döwür üçin rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak teklip edilýär. Bu barada Hökümetiň 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, bu işi Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara topara girýän ministrlikler, pudak edaralary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu meýilnama “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” hem-de adam hukuklary boýunça ýurdumyzyň goşulan halkara resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny geljek ýedi ýylda ýerine ýetirmäge gönükdirilen çäreleri we hereketleri özünde jemleýän milli gural hökmünde çykyş eder.

Meýilnamadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we BMG-niň Ilat gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanda aýallaryň saglygy, maşgaladaky ýagdaýy boýunça synyň netijeleri boýunça hasabat taýýarlanyldy. Pudagara toparyň nobatdaky mejlisinde bu hasabaty makullamak we onuň gutarnykly görnüşini BMG-niň Ilat gaznasyna ibermek baradaky meselä garamak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ynsanperwer ugurly abraýly halkara guramalar bilen ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de bu guramalar bilen bilelikde taýýarlanylan iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin pudagara toparyň mejlisini şu ýylyň 10-njy maýynda geçirmek teklip edildi.


şu gün 01:36
3.7k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 14:06
6.6k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

düýn 14:01
6.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 10:55
6.9k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....