Türkmenistanda 514 raýat tussaglykdan boşadyldy

  • 23.04.2022 09:29
  • 34k+

Türkmenistanda jenaýat edendigi üçin iş kesilen 514 raýatyň günäsi geçildi. Bu baradaky degişli Permana şu gün ― 22-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

Hususan-da, döwlet Baştutany jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň mukaddes Gadyr gijesiniň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini belledi. Şunlukda, jenaýat edendigi üçin iş kesilen 514 raýatyň günäsi geçilip, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmek tabşyryldy.

«Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......