Diplomatik gatnaşyklara 30 ýyl: Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

  • 20.04.2022 08:29
  • 4.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowinde, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Geçen döwürde biziň gatnaşyklarymyz yzygiderli ösdürildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasy dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlyk edýärler” diýip, döwlet Baştutany Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran taryhy döwlet saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi hem-de Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilmegine hem-de täze derejä çykarylmagyna uly itergi berjekdigine pugta ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hindistan Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatda wajyp taslamalaryň birnäçesini, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýärler. Onuň üstünlikli tamamlanmagy gatnaşyjy ýurtlaryň diňe bir ykdysady taýdan galkynmagyna däl, eýsem, sebit derejesinde uly öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berer.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......