Hindistanyň demirgazyk-günbataryna wagtyndan öň jöwzaly howa aralaşdy

  • 16.04.2022 12:52
  • 15k+

Hindistanyň demirgazyk we günbatar böleginiň aglaba sebitlerine aralaşan aşa yssy howa öz jöwzasy bilen haýran galdyrdy, esasanam, Rajasthan, Gujarat, Uttar-Pradeş we Nýu-Deli ştatlary has köp zyýan çekdi. Meteorologiýa gullugyna salgylanýan Associated Press News habarlar agentligi 1901-nji ýyldan bäri seljereňde geçen mart aýy iň yssy aý boldy.  Hünärmenleriň çaklaýşyna görä, ýakyn günlerde Nýu-Delide howanyň temperaturasy 42 derejä ýeter, bu bolsa kadadan 8 dereje ýokarydyr.

Jöwzaly epgek, aýratynam, günlükçilik edýän adamlar, rikşalaryň sürüjileri, köçe söwdagärleri hem-de öý-öwzarsyzlar üçin has howpludyr, olaryň köpüsi jowzaly howada köçede işlemäge mejburdyrlar we yssydan ýaňa tapdan düşmek, gün urmak töwekgelçiligine sezewar bolýarlar.
Soňky 30 ýylyň içinde Hindistanda iň yssy howa 2015-nji ýylda bolupdy, şonda azyndan 2081 adam ýogalypdy.


03.05.2025 11:42
11k+

Uzak wagtlap ýitip gidendir öýdülen balyk Indoneziýada surata düşürildi

Indoneziýanyň latimeriýasy (Latimeria menadoensis) ilkinji gezek tebigy gurşawynda surata düşürildi. Suratlar Molukk adalarynyň töwereginde düşürildi. Bu barada gözlegiň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi...

07.04.2025 11:30
6.4k+

Indoneziýada oýundan ünsüni sowman naharlanmak isleýänler üçin 3,5 metrlik unaş satuwa çykaryldy

Indoneziýanyň Haraku Ramen kompaniýasy oýunçylar üçin ýörite taýýarlanan 3,5 metrlik unaşy satuwa çykardy. Täze önüm oýun oýnaýan wagtlary ünsüni sowmazdan naharlanmak isleýän oýunçylara gönükdirilýär diýip, «BrandingInAsia» çeşmesi habar...

20.08.2024 13:36
14k+

Indoneziýada täze paýtagtyň gurluşygynyň fotosuratlary paýlaşyldy

Borneo adasynda (Kalimantan) Indoneziýanyň täze paýtagtynyň - Nusantara şäheriniň gurluşygy dowam edýär. Ol ilat sany aşa artan we assa-ýuwaş suwuň aşagyna çöküp barýan Jakartanyň ornuny tutar. Jakartada häzirki...

23.11.2023 10:06
2.1k+

Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi

Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň resmi dili hökmünde ykrar edildi. Bu barada Indoneziýanyň DIM-niň X sosial ulgamyndaky sahypasyna salgylanyp, Report habar berýär. “Indoneziýa dili ÝUNESKO-nyň...