BMW X7 flagman krossowerini täzeledi

  • 15.04.2022 16:17
  • 21k+

BMW kompaniýasy täzelenen BMW X7 flagman krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bawariýa nyşanly iň uly awtoulagyň daşky görnüşi we içi düýpli üýtgeşmä eýe boldy, şeýle tehniki «maňzy» döwrebaplaşdyryldy.

Özgerdilen X7-ni özünden ozalkydan çylşyrymly iki ýarusly frontal optikasy bilen tapawutlanýar. Ýokarda gündizki yşarat çyralarynyň we öwrülmäniň dinamiki görkezijileriniň işini ýerine ýetirýän inçeden goşalandyrylan swetodiod bloklar ýerleşýär. Olaryň aşagynda matrisaly öňdäki farlaryň esasy seksiýalary oturdylandyr. Üstesine, krossower täze yzky farlara, döwrebaplaşdyrylan bamperlere, şeýle hem başgaça bezeg alan teker disklerine eýe boldy.

Hereketlendiriji uly krossowere 4,7 sekundyň içinde tizligi ilkinji «ýüzlüge» çykarmaga mümkinçilik berýär. Täzelenen BMW X7-ni Spartanbergde (Günorta Karolina) bawariýa nyşanly amerikan kärhanasynda bejerýärler. Awtoulaglar dünýä bazaryna 2022-nji ýylyň güýzünde çykar.


düýn 10:58
3.2k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......