16-njy aprelde «Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahat, 19-njy aprelde bolsa “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly ylmy duşuşyk geçiriler. Olara taýýarlyk işleri barada 14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa hasabat berdi.
Hususan-da, “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly ylmy duşuşygyň barşynda arheologik tapyndylaryň sergisini guramak, taryhy-medeni ýadygärliklerde halkara we milli ekspedisiýalar tarapyndan geçirilen arheologik gazuw-barlag işleriniň netijelerine seretmek, “Türkmenistanyň gadymyýeti: ylmy-barlaglar we ýadygärlikleriň rejelenilişi” atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek, daşary ýurtlaryň ylmy institutlarynyň wekilleriniň, alymlaryň we arheologlaryň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar.
«Dehistan» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynda meýdan şertlerindäki ylmy-amaly maslahatyň maksatnamasy bolsa alymlaryň ýadygärlikleriň taryhy-medeni ähmiýetine hem-de arheologik tapyndylaryň aýratynlyklaryna bagyşlanan çykyşlaryny özünde jemlär.