BSGG: Ýer ýüzüniň ilatynyň 99%-i saglyk üçin howply howadan dem alýar

  • 11.04.2022 23:38
  • 12k+

BSGG häzirki wagtda dünýä ilatynyň 99%-iniň howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän howadan dem alýandygyny habar berýär. Bu dünýäniň şäher ýerleriniň 80%-ine degişlidir.

Şeýle netije 117 ýurduň 6000-den gowrak şäherinde howanyň hapalanmagy baradaky maglumatlary seljermegiň esasynda çykaryldy. Iň howply howany hapalaýjylaryň biri zäherli gaz NO2 – azot dioksididir. Ol himiki kärhanalar, elektrik stansiýalar, gurluşyk tehnikasy tarapyndan atmosfera zyňylýar, şeýle-de ol awtomobilleriň çykarýan gazlarynyň düzümine girýär.

Her dem alyşda azod dioksidi biziň öýkenimize düşýär. Az dozada ol dem alyş ýollaryny gyjyndyrýar, uly dozada bolsa öýken çişmesine sebäp bolup biler.

NO2 çaga demgysmasynyň güýçlenmek howpuny-da ýokarlandyrýar. Täze doglan çagalarda agramyň az bolmagy hem onuň täsiri bilen baglanyşykly boldy. Mundan başga-da, azot dioksidiniň hatda gysga wagtlaýyn täsiri-de ýürek-damar keselleriniň döremek ähtimallygyny ýokarlandyrýar.

Howany esasy hapalaýjylaryň biri bolan gaty mikrobölejikler hem howanyň üsti bilen hereket edip, organizme düşýär. Şeýle gaty bölejikleriň diametri 10 mikrometrden (PM10) 2,5 mkm çenli (PM2,5) bolup bilýär. Gaty bölejikler, esasanam PM2,5 öýkene girip we gana düşüp, ýürek-damar, insult we respirator kesellerini ýüze çykaryp bilýär diýip, BSGG habar berýär.

Guramanyň hasabyna görä, daşky gurşawyň hapalanmagy 2016-njy ýylda, takmynan, 4,2 mln möhletinden irki ölüme sebäp boldy – özi-de bu diňe PM2,5 hapalanmasyndan.

4000 şäherde ýaşaýan dünýä ilatynyň diňe 23%-i NO2 derejesi BSGG-niň howpsuzlyk görkezmelerine laýyk gelýän howadan dem alýar. Azot dioksidiniň iň ýokary konsentrasiýasy bolsa Ortaýer deňzinde ýüze çykaryldy.

BSGG iň zyýanly zyňyndylaryň ýangyjyň gazylyp alynýan görnüşleri tarapyndan, olaryň gazylyp alynmagy we ulanylmagy bilen öndürilýändigini ýatladýar. Olar ýiti hem hroniki keseller, şeýle-de tokaý ýangynlary we tozanly tupanlar ýaly beýleki meseleleriň güýçlenmegi bilen baglanyşdyrylýar. Gurama gazylyp alynýan ýangyjyň ulanylyşyny umumy we yzygiderli azaltmaga çagyrýar. 


20.06.2025 10:16
4.2k+

Alymlar Günorta ummanda ýaşaýşyň ozal näbelli görnüşlerini tapdylar

Halkara alymlar topary Günorta Atlantikadaky Günorta Sandwiç adalarynyň golaýynda ozal bardygy belli bolmadyk özboluşly ekoulgamy tapdy. Şmidt adyndaky Umman institutynyň Falkor gämisinde Ýeriň iň alys künjündäki adalar zynjyrynyň birine guralan çuň deňiz ekspedisiýasy 35 gün dowam etdi diýip, Science Alert habar berýär...

16.06.2025 13:32
12k+

Ekspedisiýa Hazar deňzinde adanyň peýda bolandygyny tassyklady, ýöne oňa düşlemek başa barmady

Alymlar Hazar deňziniň demirgazygynda täze adanyň peýda bolandygyny öz gözleri bilen görüp tassykladylar, emma häzirlikçe ol ýere düşläp bolmady diýip, Live Science habar berýär. Hazar deňzi Ýewropa bilen Aziýanyň serhedinde ýerleşip, takmynan, 371 000 inedördül kilometr meýdany tutýan “dünýäniň iň uly ýapyk suw howdany”...

08.05.2025 14:02
5.2k+

Ýerdäki tokaýlaryň iň takyk we jikme-jik kartasy hödürlendi

Tokaýlarda saklanýan biomassany takyk ölçemek klimatyň üýtgemegine we uglerod aýlawyna dogry düşünmek üçin örän möhümdir. Şonuň üçin hem Ýewropa kosmos agentligi (ESA) «Biomass» atly täze hemrany uçurdy. ESA bar bolan maglumatlary täze alnan maglumatlar bilen birleşdirip, tokaýlaryň häzirki güne çenli taýýarlanan iň jikme-jik kartasyny hödürledi...

01.05.2025 14:37
5.9k+

Ýewropa kosmos agentligi tokaýlary öwrenmek üçin orbita emeli hemra uçurdy

29-njy aprelde Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Vega-C göteriji raketasyny üstünlikli uçurdy. Apparat Fransuz Gwianasyndaky Kuru kosmodromyndan badalga aldy we tokaýlary öwrenmek hem-de kömürturşy gazyna gözegçilik etmek üçin ulanyljak Biomass emeli hemrasyny orbita çykardy...