Serdar Berdimuhamedow Baýdeni diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

  • 11.04.2022 13:40
  • 11k+

10-njy aprelde türkmen-amerikan diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýandygyny we häzirki wagtda onuň üstünlikli dowam etdirilýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we başga-da möhüm ugurlaryň köpüsinde hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady.

Hormatly Prezident Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, diňe çäk taýdan amatly şertleri bolman, şol bir wagtda tebigy baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedigini belledi hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmekde netijeli we deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow iri amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işjeňligini aýratyn belläp, häzirki günde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen raýat awiasiýasy, oba hojalygy, elektrik energetikasy, bank ulgamy babatda netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny beýan etdi.


düýn 11:41
3.4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3.3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......