11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi täze premýer-ministri saýlar

  • 10.04.2022 21:53
  • 5.2k+

11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi ýurduň täze premýer-ministrini saýlar. Bu barada Imran hana ynanç bildirmezlik wotumynyň mejlisinde başlyklyk eden, Pakistanyň musulman ligasy-Nawaz tarapyndan çykyş edýän, mejlisiň wise-spikeri Aýaz Sadygyň sözlerine salgylanyp, Pakistanyň habar beriş serişdeleri ýazýar.

Onuň sözlerine görä, premýer-ministriň boş wezipesine dalaşgärler günüň dowamynda Mejlisiň spikerine gerekli arzany bermelidirler.
Täze premýer-ministr 11-nji aprelde gündiz mejlisde saýlanar diýip, Sadyk aýtdy.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tassyklamagyna görä, ýurduň premýer-ministriniň wezipesini Pakistanyň musulman ligasy-Nawazyň baştutany Şahbaz Şarif eýelese gerek.
Ýakynda Pakistanyň mejlisi Imran hanyň hökümetine ynanç bildirmezlik wotumyny mälim etdi.
Ynanç bildirmezlik wotumynyň tarapdary bolup 174 deputat, ýagny ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň aşaky palatasynyň aglabasy ses berdi, 172 deputat sesi bolsa garşy boldy.
Imran han Pakistanda mejlisiň ynanç bildirmezlik wotumyny alan ilkinji premýer-ministr boldy.


10.04.2026 15:59
1k+

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Şahid Haliliň ýolbaşçylygyndaky wekiller iki ýurduň......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

01.04.2026 19:38
6.8k+

Türkmenistanda 29-njy martda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi we onda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri jemlendi, tassyklandy we gutarnykly......

23.03.2026 06:56
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny milli baýram bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife, şeýle hem ýurduň halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny ýollady...