BMG: dünýäde azyk önümleriniň bahasy rekord derejä ýetdi

  • 10.04.2022 12:57
  • 14k+

Dünýäde esasy azyk önümleriniň bahasy Ukrainadaky dawalaryň esasy däneli ekinleriň we ösümlik ýaglarynyň bazarlaryna eden täsiri netijesinde tutuş taryhyň dowamynda iň ýokary derejä ýetdi. Muny BMG-niň Azyk we Oba hojalygy guramasynyň Azyk bahalarynyň indeksi delillendirýär. 

Mart aýynda FAO-nyň azyk önümleri üçin baha indeksi ortaça 159,3 punkt ýokarlandy, bu bolsa fewral aýyndan 12,6% ýokarydyr. Fewral aýynda-da ol 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetipdi. Bellenilişi ýaly, geçen aý 2011-nji ýylda bellige alnan öňki antirekord täzelendi.

Bu tendensiýa, esasanam Ukrainadaky dawalar netijesinde bugdaýyň we ähli iýmlik däneli ekinleriň bahalarynyň ep-esli ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

“Soňky üç ýylda Russiýa Federasiýasynyň we Ukrainanyň paýyna bugdaýyň global eksportynyň, takmynan, 30%-i we mekgejöweniň global eksportynyň 20%-i düşdi. Dünýäde bugdaýyň bahasy bir aýyň dowamynda 19,7% ýokarlandy. Mekgejöweniň bahasy bir aýda 19,1% ýokarlanyp, rekord derejä ýetdi, şeýle-de bahalaryň ýokarlanmagy arpa we sorgo hem täsir etdi” – diýlip, FAO-nyň habarynda aýdylýar. 

FAO-nyň ösümlik ýaglary üçin baha indeksi dünýäde öňdebaryjy eksportçysy Ukraina bolan günebakar ýagynyň bahasynyň ösmegi netijesinde 23,2% ýokarlandy. Günebakar ýagynyň we çig nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli palma, soýa we raps ýaglarynyň bahalary hem ep-esli ýokarlandy. Braziliýanyň realynyň alyş-çalyş hümmetiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda nebitiň bahasynyň ýokarlanmagy şeker üçin baha indeksiniň ortaça görkezijisiniň ýokarlanmagyna sebäp boldy (fewral aýy bilen deňeşdirilende 6,7%). Netijede, ol 2021-nji ýylyň mart aýy bilen deňeşdirilende 20% ýokary boldy. 

Doňuz etiniň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli mart aýynda 4,8% ýokarlanan etiň baha indeksiniň ortaça görkezijisi hem iň ýokary derejä ýetdi. Şeýle-de, guş eti üçin halkara bahalar guş dümewi sebäpli öňdebaryjy eksportçylar tarapyndan üpjünçiligiň azalmagy bilen baglanyşykly ýokarlandy.


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......