Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi

  • 07.04.2022 23:52
  • 33k+

Şu gün – 7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. 

Ir bilen paýtagtymyzdaky «Welosiped» binasynyň ýanynda döwlet Baştutany köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, ýörişe gatnaşyjylar agzybirlik bilen herekete başladylar.

Ýokary ruhubelentlikde badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilýän ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guraldy. Ýaz paslynyň jana tenekar howasy, paýtagtymyzyň giň şaýollaryna bezeg berýän çüwdürimlerdir dürli görnüşli güller, sungat ussatlarynyň ajaýyp owazlary ýörişe gatnaşyjylara ruhubelentlik paýlady.

Aşgabat şäheriniň esasy köçeleri boýunça guralan köpçülikleýin çäre ýurdumyzyň Baş meýdançasynyň ýanynda tamamlandy.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.5k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....