Türkmenistanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy «Senagat» PTB-niň başlygy boldy

  • 07.04.2022 00:22
  • 18k+

Täçmuhammet Täçmuhammedow «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdirliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy. 6-njy aprelde Serdar Berdimuhamedow degişli karary bilen, «Senagat» PTB-niň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň bu kararyny tassyklady.

Döwlet Baştutanynyň gol çeken karary bilen, «Senagat» PTB-niň ýygnagynyň ýene-de bir karary tassyklanyldy — Gadyrgeldi Müşşikow PTB-niň müdirliginiň başlygy wezipesine bellenildi.
Ýakyn wagta çenli G.Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi bankyna ýolbaşçylyk edýärdi, ondan öň, ol ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça wise-premýer wezipesini ýerine ýetirýärdi.
1989-njy ýylda «Senagat» banky Türkmenistanyň ilkinji täjirçilik banklarynyň biridir. Onuň esasy maksady söwda we senagat işi bilen meşgullanýan hususy telekeçileri we senagatçylary goldamak bolup durýar.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......