Microsoft Android bilen baglanyşykly önümleri ösdürmek üçin täze bölümçe döretdi

  • 06.04.2022 09:38
  • 3.2k+

Microsoft-yň käbir işläp düzüji toparlaryny täzeden üýtgedip gurmagyň netijesinde Android Microsoft Platform and Experience ady bilen täze bölümçäniň döredilendigi belli boldy. Bu barada Microsoft-yň önümler boýunça müdiri Panos Panaýyň kompaniýanyň işgärlerine iberen hatynda aýdylýar diýip, 3dnews.ru belleýär.

Panaýyň habarynda Surface Duo OS, SwiftKey, Phone Link, Microsoft Launcher bölümçeleriniň, şeýle-de işi Android bilen baglanyşykly bolan käbir beýleki toparlaryň Android Microsoft Platform and Experience-iň bir bölegi bolandygy aýdylýar. Öň Android bilen baglanyşykly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine iOS üçin önümleri döretmek bilen meşgullanýan Microsoft Mobile Experience bölümçesi jogap berýärdi. 

Bar bolan maglumatlara görä, Microsoft ýakyn ýyllarda Android we Windows bilen baglanyşykly birnäçe taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Ilkinji nobatda, gürrüň Windows programma platformasy bilen Android esasly smartfonlaryň ösen integrasiýasy barada gidýär. Işläp düzüjiler Android-i Windows kompýuterine goşundy hökmünde görýärler we ulanyjylara dürli funksiýalary ulanmak mümkinçiligini bermegi maksat edinýärler.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze bölümçä öň Surface-iň korporatiw wise-prezidenti bolan Ali Akgun ýolbaşçylyk eder. Şeýle-de, korporatiw wise-prezident Maýkl Fortiniň häzirki wezipesinden gitjekdigi, onuň wezipe borçlarynyň we ygtyýarlyklarynyň birnäçe bölümçäniň ýolbaşçylarynyň arasynda paýlanjakdygy habar  berilýär. 


31.01.2026 12:04
2.4k+

Microsoft bir günde bazar bahasyndan 440 milliard dollar ýitirdi

Microsoft kompaniýasynyň kapitalizasiýasy bir söwda gününiň dowamynda 440 milliard dollar pese düşdi. Bu ýagdaý kompaniýanyň taryhynda şeýle uly möçberdäki ikinji pese düşme boldy.   2026-njy maliýe ýylynyň ikinji çärýegi baradaky hasabat çap edilenden soň, aksiýalaryň bahasy 5,37% peseldi...

31.01.2026 09:16
836

Nvidia, Microsoft we Amazon kompaniýalary OpenAI-a ýene-de 60 milliard dollar maýa goýýarlar

Nvidia mikroçip öndürijisi, şeýle hem Microsoft we Amazon tehnologiýa ägirtleri ChatGPT-niň işläp düzüjisi bolan OpenAI kompaniýasyna jemi 60 milliard dollar maýa goýmak barada gepleşik geçirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

26.01.2026 21:51
1.5k+

Microsoft Teams iş berijilere işgärleriniň nirededigini görkezer

Amerikanyň Microsoft korporasiýasy Microsoft 365 platformasyna täze funksiýany goşmagy meýilleşdirýär. Ol iş berijilere iş wagtynda işgärleriniň nirededigini Teams arkaly yzarlamaga mümkinçilik berer. Şahsy durmuşa gatyşmak bilen bagly jedeller sebäpli, bu täzeligiň girizilmegi ýanwar aýyndan mart aýyna süýşürildi...

24.01.2026 09:42
1.3k+

Brand Finance 2026-njy ýylyň iň gymmatly 500 brendiniň sanawyny hödürledi

Apple ýene-de dünýäniň iň gymmat brendi boldy. Onuň bahasy 607,6 mlrd dollara ýetdi diýip, Brand Finance agentligi «Global 500 – 2026-njy ýylda dünýäniň iň gymmatly 500 brendi» hasabatynda habar berýär. Ikinji orunda 565,3 mlrd dollar baha bilen Microsoft, üçünji orunda 433,1 mlrd dollar bilen Google ýerleşdi...