Gyrgyzystanda iki günläp ýekeje-de kowid bilen kesellemek ýagdaýy hasaba alynmady.

  • 06.04.2022 09:36
  • 11k+

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde tutuş Gyrgyzystan boýunça gije-gündiziň dowamynda COVID-19 bilen kesellemegiň täze ýagdaýlary we hassahanadan daşardaky pnewmoniýa bilen kesellänler hasaba alynmady. Bu barada Gyrgyzystan respublikasynyň Saglygy goraýyş minitrligi habar berýär diýip, Kabar agentligine salgylanýan Trend ýazýar. 

Bu görkezijiniň Gyrgyzystanda yzly-yzyna iki günden bäri hasaba alynýandygyny bellemegimiz gerek. 
Tutuş pandemiýa döwründe jemi 200 müň 968 ýagdaý bellige alnypdy. Gije-gündiziň dowamynda koronawirusdan soň 9 hassa sagaldy, Bişkekde - 4 adam, Çuý oblastynda - 5 adam. 
Tutuş döwür içinde 196 müň 257 hassa sagaldy. 
Soňky gije-gündiziň dowamynda ýurt boýunça COVID-19 sebäpli ýogalan ýok. Pandemiýanyň tutuş dowamynda jemi 2 müň 991 adam ýogaldy.
Häzirki wagtda respublika boýunça ýatymlaýyn bejergi alýanlaryň sany 91, gatnawly bejergi alýanlaryň sany - 41.


20.03.2025 12:22
4.5k+

COVID-19-a garşy derman howply Ebola gyzdyrmasy bilen göreşde netijeliligi görkezdi

Amerikaly alymlar Ebola gyzdyrmasyny bejermegiň täze usulyny ilkinji gezek üstünlikli synagdan geçirdi. Science Advances (SciAdv) žurnalynyň maglumatlaryna görä, Tehas uniwersitetiniň ylmy gözlegçilerine kesel...

13.03.2025 06:25
5.1k+

Britaniýaly hirurglar kowidden soňky kesel alamatly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltdiler

Londonyň Uniwersitet kollejiniň hassahanalarynyň (UCLH) hirurglary kowidden galan sindromly näsaglaryň ys alyş we tagam biliş duýgularyny dikeltmegiň usulyny tapdylar. Synag Facial Plactic Surgery žurnalynda çap...

10.05.2024 13:28
4.7k+

AstraZeneca “islegiň pesligi” sebäpli COVID-19-a garşy sanjymyny satuwdan aýyrýar

Britan-şwed farmasewtik kompaniýasy AstraZeneca COVID-19-a garşy Vaxzevria sanjymyny tutuş dünýä boýunça yzyna gaýtarýandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu çözgüdi resmi taýdan islegiň ýoklugy bilen düşündirdi diýip...

07.05.2024 23:18
11k+

BSGG: COVID-19 bilen kesellän hassalaryň 75% -i zerur däl antibiotikler bilen bejerildi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) maglumatlarynyň seljermesi 2020-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli COVID-19 bilen keselläp hassahanalara ýerleşdirilen näsaglaryň, takmynan, 75% -iniň zerur däl antibiotikleri...