«Time» žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi

  • 04.04.2022 15:57
  • 6.3k+

1999-njy ýyldan bäri her ýyl dünýäniň iň abraýly adamlarynyň sanawyny düzýän «Time» amerikan žurnaly bassyr ikinji ýyl «Iň abraýly kompaniýalaryň» TOP-100-ni hödürledi.

Reýtinge häzirkizaman dünýäsine täsirini ýetirýän we “öňe barýan möhüm ýoly kesgitlemäge kömek edýän” kompaniýalar girizildi. Kompaniýalara aktuallyk, täsir, innowasiýa, ambisiýa we üstünlik ýaly parametrler boýunça baha berildi. Sanaw bäş kategoriýa bölündi. Olaryň hersinde 19-dan 22-ä çenli kompaniýa bar.

«Ilkinjiler» kategoriýasynda birinji orny aktrisa Mindi Kalinge degişli bolan Kaling International amerikan mediakompaniýasy eýeledi. Şeýle-de, sanawda Axiom Space kompaniýasy (2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ol Ilon Maskyň SpaceX korporasiýasy tarapyndan döredilen Crew Dragon gämisinde HKS-a iberiljek ilkinji üç kosmos syýahatçysynyň atlaryny aýtdy) hem-de wirtual hakykat bilen onlaýn oýunlary döredijiler Rec Room bar.

«Liderler» kategoriýasynda birinji orny Hybe güýmenje kompaniýasy eýeledi, onuň yzyndan Spotify aýdym-saz platformasy, Airbnb serwisi, Alaska Airlines awiakompaniýasy, Sony elektron korporasiýasy, Balenciaga moda brendi, Reddit sosial ulgam forumy, Revolut maliýe tehnologiýa kompaniýasy we Sotheby’s auksion öýi gelýär. 

«Innowatorlar» kategoriýasynda birinji orunda pikap elektromobillerini öndüriji Rivian ýerleşdi. Sanawda Moderna biotehnologiýa kompaniýasy, Peanut sosial ulgamy, emeli intellektiň kömegi bilen iňlis dilinde tekst ýazmaga kömek edýän Grammarly serwisi, Perfect Day kompaniýasy hem-de kameralary we akylly öý üçin gurluşlary dörediji Wyze hem bar. 

«Ägirtler» kategoriýasynda ABŞ-nyň iň uly kompaniýalarynyň biri Amazon birinji orny eýeledi. Şeýle-de, reýtingde Pfizer farmasewtik kompaniýasy, Ups eltip berme serwisi, Google-iň esasy kompaniýasy Alphabet, Apple we Microsoft korporasiýalary, United Airlines awiakompaniýasy, Ford awtomobil öndürijisi, Disney mediakompaniýasy, Netflix, şeýle-de lomaý we ownuk söwda tory Walmart bar.

«Ýumrujylar» kategoriýasynda birinji orun Engine No.1 maýa goýum kompaniýasyna degişli. Onuň yzyndan AMC kinoteatrlar tory, Hytaýyň TikTok sosial ulgamy, Shein onlaýn reteýleri we NSO Group gelýär.

31.05.2026 18:06
2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

30.05.2026 08:05
3.2k+

Burberry brendi täze mahabat kampaniýasyny futbol medeniýetine bagyşlady

Britaniýanyň «Burberry» brendi 2026-njy ýylyň güýz-gyş möwsümi üçin futbol we janköýerleriň medeniýetinden ylham alan «A Good Sport» atly kampaniýasyny hödürledi....

29.05.2026 23:10
1.8k+

Lego Land Rover Defender wnedorožniginden we Jaguar Project 7 rodsterinden ybarat täze toplum çykarýar

Lego Speed Champions seriýasynyň hataryna 740 bölekden ybarat bolan täze toplum goşuldy. Bu toplum birbada Britaniýanyň meşhur awtomobilleriniň ikisini: Land Rover Defender wnedorožnigini we Jaguar Project 7......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......