Hindistanyň Prezidentiniň maşgalasy ýörite maksatnamanyň çäginde Aşgabadyň gözel ýerleri bilen tanyşdy

  • 03.04.2022 23:06
  • 32k+

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet sapary mahalynda ýanynda bolýan maşgalasy hanym Sawita Kowind üçin aýratyn medeni maksatnama taýýarlanyldy.

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, düýn maksatnama laýyklykda, myhman zenan, ilki bilen, paýtagtymyzdaky «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde boldy we milli däpler esasynda toý-dabaralaryň geçiriliş aýratynlygy bilen tanyşdy. Şeýle hem ol ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp seýilgähleriniň birinde gezelenç etdi.

Hanym Sawita Kowind özi üçin işlenip taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen hem tanyşdy we «Gül Zaman» toý mekanyna baryp gördi.  Bu ýerde oňa  milli tagamlar hödürlenildi. Şeýle hem toý mekanynda milli lybaslaryň görkezilişi boldy. Agşamlyk bolsa myhman zenan Bitaraplyk binasynyň ýanyna gelip, paýtagtymyzyň özboluşly agşamky görnüşlerini synlady. 

Şu gün bolsa hanym Sawita Kowind söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezine baryp gördi. 


şu gün 10:07
29

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 20:16
1.6k+

Aşgabatda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiýa maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ekologiýa abadançylygy we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Daşky gurşawy......

düýn 16:07
4.4k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....