Ýaponiýada kämillik ýaşy 20-den 18-e çenli peseldildi

  • 02.04.2022 15:34
  • 11k+

Ýaponiýada kämillik ýaşy resmi taýdan 20-den 18-e çenli peseldildi. Degişli kanun 2018-nji ýylda ýurduň hökümeti tarapyndan tassyklandy. Şeýle üýtgetmeler Ýaponiýanyň Raýat kodeksine onuň 140 ýyl mundan ozal kabul edileni bäri ilkinji gezek girizildi diýip, TASS habar berýär.

Kanunyň güýje girmegi bilen baglylykda 18 we 19 ýaşyndaky ýaponiýalylar karz resminamalaryna we dürli şertnamalara, hususan-da jaý kärendesine almak ýa-da aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak üçin şertnama bilen ykjam telefonyny satyn almak üçin gol çekmäge özbaşdak hukuk alarlar. Şeýle-de, indi 18 ýaşdan iki raýatlygyň bolsa, raýatlygy özbaşdak saýlamak bolar.  

Ýaşlaryň arasynda berginiň ýokarlanmagy bilen bagly ätiýaçlyk sebäpli Ýaponiýanyň häkimiýetleri 18 we ondan uly ýaşlylara berilýän sarp ediş karzlarynyň barlagyny güýçlendirmek isleýärler. Karz berýänler girdeji derejesine laýyk gelmeýän bergi borçnamasynyň toplanmagynyň öňüni almak maksady bilen aýda bir gezek görkezilen ýaş kategoriýasy üçin berlen karzlar barada Ýaponiýanyň Maliýe hyzmatlary agentligine maglumat bermeli.  

Mundan başga-da, Ýaponiýada nikalaşmagyň ýaş çäkleri hem üýtgedilýär. Häzire çenli 20 ýaşdan kiçi bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler diňe ene-atanyň razylygy bilen öýlenip ýa-da durmuşa çykyp bilýärdiler: oglanlar – 18 ýaşdan, gyzlar – 16 ýaşdan. Indi nika ýaşy hemmeler üçin deň bolýar (18 ýaş), kämillik ýaşyna ýetilenden soň ene-atanyň razylygy talap edilmeýär.


düýn 11:45
1.7k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......