Türkmenistanyň baş diplomaty Hytaýyň wise-premýeri bilen onlaýn duşuşyk geçirdi

  • 31.03.2022 19:06
  • 5.9k+

30-njy martda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. 

Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maksady bilen, R.Meredow we Han Çžen olaryň durmuşa geçirilişiniň depgini babatynda pikir alyşdylar.

Şeýlelikde, syýasy-diplomatik ulgam, gaz pudagy, söwda, ulag we kommunikasiýalar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depgine eýedigi bellenildi.


düýn 07:34
6.5k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.5k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
1.9k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....