Türki dilli aýdymçylar «Saýra, dutar!» aýdymyny wideogörnüşde ýerine ýetirdiler

  • 31.03.2022 11:19
  • 9.3k+

30-njy martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Saýra, dutar!» atly türkmen aýdymyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşiniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Bu halkara medeni çäre türki dilli halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda, özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň milli medeniýetini, sungatyny özara baglanyşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Bular barada dost-doganlyk ruhunda geçirilen bu halkara medeni çärä gatnaşan Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Moldowanyň Gagauz ülkesiniň, Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystanyň aýdymçylary gutlag sözleri bilen çykyş edenlerinde hem aýratyn nygtadylar.

Ýeri gelende, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny giňden wagyz etmek, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň yglan edilendigini we ony şu ýylyň sentýabr aýynda jemlemegiň bellenilendigini-de nygtamak gerek.


şu gün 11:13
3.9k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....